Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Siriýadan bikanun ýollar bilen Türkiýä geçmäge synanyşan 3-si terror guramasy DAIŞ-iň, 2-si terror guramasy PKK-nyň agzasy bolen jemi 5 terrorçy tussag edildi

1738640
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Hataý we Şanlyurfa welaýatlarynda gulluk borçlaryny alyp barýan serhetçilerimiz, Siriýadan ýurdumyza bikanun ýollar bilen girmäge synanyşan 5 adamy saklady. Geçirilen barlag işleriniň netijesinde saklanan adamlaryň 3-siniň terror guramasy DAIŞ-iň, beýleki 2-siniň bolsa terror guramasy PKK-nyň agzalary bolandyklary anyklandy" diýip habar berildi. 

 

Milli Howpsuzlyk gullugy Yragyň demirgazygynda terrorçylara garşy geçiren operasiýada Gara sebitinde 4 terrorçyny, Kandil sebitinde PKK-a agza 2 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi. 

Gara sebitinde täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň biriniň PKK/KJK-nyň Daşary gatnaşyklardan jogapkär ýolbaşçysy, Botan adyny ulanýan Nihat Görendigi anyklandy. 

 

Mardin welaýatynda "Eren Gyş-8 Ömerýan Şehit Howpsuzlyk goragçysy Abdullatif Emen" atly operasiýa başladyldy.

Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda, ekstremist terror guramasy PKK-ny ýurdyň güntertibinden çykarmak we sebitde bardygy kesgitlenen terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek maksady bilen Mardin welaýatynda başladylan operasiýa Žandarma güýçleriniň Komandos toparlary, Žandarma güýçleriniň Ýöriteleşdirilen toparlary we Howpsuzlyk goragçylaryndan ybarat jemi 670 harbynyň gatnaşýandygy habar berildi. 

Beýanatda ýurdyň içindäki terrorçylary dolulygyna täsirsiz ýagdaýa getirmek maksady bilen geçirilýän Eren operasiýalarynyň halkyň goldawy bilen erjellik we tutanýerlilik bilen dowam edýändigi mälim edildi. 



Degişli Habarlar