Prezident Erdogan, Demirgazyk Makedoniýa Gynanç Bildirdi

Erdogan, awtobus heläkçiliginde ýogalanlar üçin Demirgazyk Makedoniýa gynanç bildirdi.

1738305
Prezident Erdogan, Demirgazyk Makedoniýa Gynanç Bildirdi

Prezident R. T. Erdogan, Bolgariýada öňňin bolan awtobus heläkçiliginde ýogalanlar üçin Demirgazyk Makedoniýa gynanç bildirdi.

Prezident Erdogan, sosial mediadan beren habarnamasynda “Stambuldan awtobus bilen Skopýa giden demirgazyk makedoniýaly doganlarymyzyň Bolgariýada bolan ýol heläkçiliginde ýogalmagyna çuňňur gynanç bildirýärin. Öz adymdan we türk halkynyň adyndan heläkçilikde ýogalan doganlarymyza Alladan rehnet, hossarlaryna sabyr dileýärin. Demirgazyk Makedoniýanyň hökümetine we halkyna gynanç bildirýärin, ýaralanan doganlarymyza gyssagly şypa dileýärin” diýdi.



Degişli Habarlar