Fahrettin Altun, Erdogan-Bin Zaýid duşuşygy barada beýanat berdi

Fahrettin Altun beýanat berdi

1738552
Fahrettin Altun, Erdogan-Bin Zaýid duşuşygy barada beýanat berdi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Türkiýäniň we BAE-niň ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryny güýçlendirmek we sebitleýin hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerinden peýdalanmak babatynda ygrarlydyklaryny beýan edendiklerini habar berdi.  

Fahrettin Altun sosial media hasabyndan, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Abu-Dabiniň Mirasdar Şazadasy Şeýh Muhammed bin Zaýid Al Nahaýan bilen geçiren duşuşygy barada beýanat berdi. 

"Bu sapar döwletimiziň sebitleýin parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmagyndaky tagallalaryny subut edýän möhüm bir sapar boldy" diýip aýdan Fahrettin Altun, söwda, energetika we daşky gurşaw ugurlarynda gol çekişilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ykdysady gatnaşyklary ösdürjekdigini aýan etdi. 

Fahrettin Altun: "Türkiýe sebitde parahatçylyk we durnuklylyk üçin hemişe möhüm bir güýç bolar. Hususy kärhanalaryň arasynda baglaşylan ylalaşyklar bilen birlikde biržalarymyzyň we port dolanşyklarymyzyň arasyndaky maýa goýum ylalaşyklary hem ykdysady kuwwadymyzy berkider. Öňümizdäki ýyllarda söwda gatnaşyklarymyzy özgertmek ileri tutýan ugrumyz bolar. Türkiýe we BAE ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryny güýçlendirmek we sebitleýin hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerinden peýdalanmak babatynda ygrarlydyklaryny beýan etdiler. Munyň Türkiýe-Pars aýlagy ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklarda sebitleýin durnuklylyk taýdan täze bir döwrüň başlangyjy boljakdygyna ynanýarys" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #BAE , #Türkiýe

Degişli Habarlar