Tunjelide PKK-a degişli 9 gaçybatalga ýok edildi

Tunjeli welaýatynyň Nazymiýe etrabynda geçirilen operasiýada, ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan ulanylan 9 gaçybatalga ýok edildi

1737912
Tunjelide PKK-a degişli 9 gaçybatalga ýok edildi

Tunjeli welaýatynyň gubernatorlygyndan berilen beýanata görä, Welaýat Žandarma serkerdeligine degişli harby toparlar, Eren-6 operasiýasynyň çäginde Nazymiýe etrabynyň obalyk ýerinde terror guramalaryna garşy operasiýa geçirdi.  

Meýdanda ýörite itler bilen geçirilen gözleg we saplaýyş işlerinde howpsuzlyk güýçleri, terrorçylar tarapyndan ulanylandygy anyklanan 9 gaçybatalga tapdylar. 

Ýok edilen gaçybatalgalarda geçirilen gözleg we saplaýyş işlerinde köp mukdarda ok-däri we gündelik ýaşaýyş üçin gerek bolan zatlar ele salyndy. 

Sebitde terrorçylaryň gyşky hereketleriniň we welaýatlaryň arasyndaky geçişleriniň öňüniň alynmagy maksady bilen 1060 harby işgäriň gatnaşmagynda operasiýa geçirilýär. 



Degişli Habarlar