Palestina Goldaw Bermäge Dowam Ederis
Prezident Erdogan Palestina dawasyny soňuna çenli dowam etdirjekdiklerini beýan etdi
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Palestina dawasyny soňuna çenli dowam etdirmekde tutanýerlidiklerini belläp: "Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar hökmünde Palestina dawasyna zeper ýetirjek islendik hereketden saklanmalydyrys" diýip belleid.
Prezident Erdogan 24-25-nji noýabr aralygynda Stambulda geçiriljek Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň hemişelik komitediniň (İSEDAK) 37-nji ministrler maslahatyna wideo ýüzlenme ugratdy.
Prezident Erdogan: "Ysraýylyň Gündogar Iýerusalimdäki we Günbatar Şeriadaky bikanun ýagdaýdaky ýerleşişene, ýumurmagyna, zor bilen ýerlerinden göçürmelerine, konfiskasiýasyna we ewakuasiýa syýasatlaryna dur diýmelidiris" diýip habar berdi.
"Palestina dawasyny soňuna çenli dowam etdireris. Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar hökmünde Palestina dawasyna zeper ýetirjek islendik hereketden saklanmalydyrys. Hytaýyň Sinjan Uýgur awtonomiýasyndaky uýgur türkleriniň ýagdaýyna we beýleki musulman azlyklaryň ýagdaýyna uly jogapkärçilik bilen gözegçilik edýäris" diýip mälim etdi.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan Gollandiýada Saparda Bolýar
Hakan Fidan, Gaga şäherinde Gollandiýanyň Premýer-ministri Mark Rutte bilen duşuşdy.
Erdogan Stambulda Žurnalistleriň Soraglaryna Jogap Berdi
Prezident R.T.Erdogan Stambulda Ysraýyl-Eýran dartgynlygy hakynda beýannama berdi.