Erdogan Mugallymlar güni mynasibetli 81 welaýatdan gelen 81 mugallym bilen duşuşdy

Prezident R. T. Erdogan, Prezidentiň Kompleksinde 24-nji noýabr Mugallymlar güni mynasibetli 81 welaýatdan gelen 81 mugallym bilen duşuşdy

1738026
Erdogan Mugallymlar güni mynasibetli 81 welaýatdan gelen 81 mugallym bilen duşuşdy

Çakylyklaryny kabul edip duşuşyga gatnaşandyklary üçin mugallymlara sagbolsun aýdan Erdogan “81 welaýatymyzdan gelen siz gadyrly mygallymlarymyzy paýtagtymyz Ankarada myhman almakdan hoşal” diýdi.

Mugallymlar gününiň mugallymlar, Türkiýe we türk halky üçin düşümli bolmagyny dilän Erdogan “ Bu möhüm gün mynasibetli ähli mugallymlarymyzy öz adymdan, aýalymyň we halkymyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Tebigy apatlarda, heläkçiliklerde şehit bolan, ýurdy we halky üçin wepaly nesilleri ýetişdiren, arman ýadaman zähmet çeken hormatly dynç alyşdaky mugallymlarymyz bilen birlikde ähli mugallymlara sagbolsun aýdýaryn. Olara saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Öz adymdan hem maňa bilim beren ähli mugallymlaryma minnetdarlyk bildirýärin. Bu dünýeden öten mugallymlary uly hormat bilen hatyralaýaryn” diýip belledi.



Degişli Habarlar