BAE-niň Mirasdar Şazadasy Resmi Sapar Bilen Türkiýä Geldi

Bin Zaýed, Prezident Erdogan tarapyndan Prezidentiň Kompleksinde resmi dabara bilen garşylandy.

1738129
BAE-niň Mirasdar Şazadasy Resmi Sapar Bilen Türkiýä Geldi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Zaýed Al Nahýan, Prezident R. T. Erdoganyň myhmany hökmünde resmi sapar bilen Türkiýä geldi.

Mirasdar Şazada Bin Zaýedi paýtagt Ankaradaky Esenboga howa menzilinde Söwda ministri Mehmet Muş garşylady.

Bin Zaýed soň bolsa Prezident Erdogan tarapyndan Prezidentiň Kompleksinde resmi dabara bilen garşylandy.

Erdogan bilen Bin Zaýed garşylama dabarasyndan soň özara duşuşyk geçirdi.

Erdogan bilen Bin Zaýed geçiriljek toparara gepleşiklerden soň şertnamalar bukjasyna gol çekişer.

Beýleki tarapdan Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, gepleşiklerde Türkiýe bilen BAE-niň arasyndaky özara gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar.

Gepleşiklerde özara gatnaşyklar bilen birlikde aktual sebitara we halkara meseleler hem gün tertibine getirler.

Saparyň çäginde iki ýurduň arasynda söwda, energetika we daşky gurşaw ýaly birnäçe ugurda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi üçin şertnama baglaşylar.



Degişli Habarlar