Prezident Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýanat berdi

Erdogan paýtagt Ankara şäherinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň beýanat berdi

1737294
Prezident Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýede koronawirus epidemiýasyna garşy çäre görmäge dowam etmeginiň gerekdigini belläp: "Mekdeplerimizde bilim berilmäge dowam edilýär. Iş ýerlerimiz açyk. Eýe bolan şol mümkinçiliklerimizi ulanmaga dowam edip bilmek üçin hüşgärli bolmaga dowam etmelidiris. Sanjym bolmadyk ýa-da sanjymy kem bolan adamlaryň iň gysga wagtda saglygy goraýyş edaralaryna ýüz tutmaklary baradaky maslahatymyzy ýene-de bir gezek ýatladýarys" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan paýtagt Ankara şäherinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň beýanat berdi. 

Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň saglygy goraýyş hyzmatlaryndan sanjyma çenli ähli meselelerde Kowid-19 epidemiýasyna garşy göreşde oňyn pozisiýadadygyny beýan etdi. 

Prezident Erdogan gurulan ýollar, köprüler, howa menzilleri, demir ýollar bilen Pekinden Londona çenli uzap gidýän iň berk logistika infrastrukturasynyň Türkiýä degişldigini habar berdi. 

Prezident Erdogan Türkiýäni ösdürmek we güýçlendirmek üçin giýje-gündiz arman-ýadaman zähmet çekýändiklerini mälim etdi. 



Degişli Habarlar