FETÖ Garşy Göreşde Arkalaşyga Garaşýarys

Halkara Polis gullugy Interpol-yň 89-njy maslahaty Stambulda öz işine başlady.

1737481
FETÖ Garşy Göreşde Arkalaşyga Garaşýarys

 

Prezident R. T. Erdogan, Fetullahçy terror guramasynyň agzalary bilen ýolbaşçylarynyň Türkiýä yzyna berilmegi meselesinde beýleki ýurtlardan arkalaşyga garaşýandyklaryny aýtdy.

Halkara Polis gullugy Interpol-yň 89-njy maslahaty Stambulda öz işine başlady.

Haliç kongres merkezinde geçirilýän maslahatyň açylyş dabarasyna Içeri işler ministri Süleýman Soýlu hem gatnaşdy.

Prezident Erdogan maslahata ugradan wideo ýüzlenmesinde “Esasan Fetullahçy terror guramasynyň agzalary bilen ýolbaşçylarynyň ýurdumyza yzyna berilmegi meselesinde beýleki ýurtlardan arkalaşyga garaşýarys. 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygynda demokratiýany nyşana alan zenanlary, çagalary, ýaşulylary we döwlet gullukçylaryny öldüren terrorçylaryň arkaýyn gezmegine rugsat berilmeli däl” diýdi.

Interpol-yň 89-njy maslahatyna minisrtler, ministrleriň orunbasary we  halkara guramalaryň wekilleri bolmak bilen 160-dan gowrak ýurduň wekili gatnaşýar.



Degişli Habarlar