Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Yragyň demirgazygyndaky Penje Gaplaň sebitinde 3 terrorçy, Siriýanyň demirgazygyndaky Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde we Zeýtun Şahajygy sebitinde 6 terrorçy bolmak bilen jemi 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1736164
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda jemi 9 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi. 

Goranmak ministrligi: "Türk esgerler terrorçylaryň ýeňsesinde. Üçüsi Penje Gepleň sebitinde, ikisi Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde we dördüsi Zeýtun Şahajygy sebitinde bolmak bilen PKK/ÝPG-e agza jemi 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip mälim edildi. 

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu beren beýanatynda: "Ýaşaýan ýerlerimizde asudalyk içinde, milletimiziň howpsuz ýagdaýda ýaşamagyny dowam etdirmegini üpjün etmek üçin gije-gündiz diýmän göreş alyp barýan, daglarda, meýdanlarda terrorçylary yzarlaýan howpsuzlyk güýçlermiz, žandarma güýçlerimiz şu gün irden Eren Gyş-6 operasiýasyny 1060 howpsuzlyk güýjüniň gatnaşmagynda başlatdy. Operasiýa Tunjeli welaýatynda Merjan daglary sebitde geçiriler" diýip habar berdi. 

Beýleki tarapdan Tunjeli welaýatynyň gubernatorlygyndan berilen beýanata görä, howpsuzlyk güýçleri Eren-7 Merjan Munzur operasiýasynyň çäginde Mazgirt we Hozat etraplarynyň obalyk ýerlerinde terrorçylara garşy operasiýa geçirdi. 

Meýdanlarda gözleg we saplaýyş işlerini geçirýän howpsuzlyk güýçleri, terror guramalary tarapyndan ulanylandygy anyklanan 7 gaçybatalga tapdy. Ýok edilen gaçybatalgalarda köp mukdarda ok-däri, ýarag, partlaýjy madda we gündelik ýaşaýyş üçin gerek bolan zatlar ele salyndy. 



Degişli Habarlar