Çelik: "ÝB bosgunlara garşy edilýän zuluma sesini çykarmaýar"

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat sekretary Ömer Çelik, Twitter hasabyndan beýanat berdi

1735742
Çelik: "ÝB bosgunlara garşy edilýän zuluma sesini çykarmaýar"

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat sekretary Ömer Çelik, gollandiýaly žurnalist Ingeborg Boýgeliň, Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Misotakisiň metbugat ýygnagynda: "Bosgunlaryň yzyna itilmegi bilen bagly näme sebäpli ýalan sözleýäňiz?" diýip soranyndan soň, ýurdy terk etmäge mejbur galandygyny belläp, ÝB-niň bosgunlara garşy edilýän zuluma we žurnalistlere hemle atylmagyna sesini çykarmaýandygyny beýan etdi. 

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat sekretary Ömer Çelik, Twitter hasabyndan Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Misotakisi bosgunlar babatynda ýalan sözlemek bilen günäkärleýän gollandiýaly žurnalistiň Gresiýany terk etmäge mejbur galmagy bilen baglanşykly beýanat berdi. 

Ömer Çelik: "Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Misotakis bosgunlar babatynda ençeme gezek ýalňyş zatlary aýtdy. We ençeme gezek  Türkiýä töhmet atdy. Gresiýanyň howpsuzlyk güýçleriniň bosgunlara garşy zalymlyk bilen hereket edendikleri subut edildi. Bu zulum her gün başdan geçirilýär. Dünýä we Ýewropa sesini çykarmaýar. Gresiýanyň howpsuzlyk güýçleriniň zulumy elhenç derejä ýetdi. Prezident Rejep Taýýip Erdogan bu zuluma garşy çykyp, Gresiýanyň öňe sürýänlerini her gezek ýalana çykardy" diýip habar berdi. 

Gresiýanyň bosgunlaryň gaýyklaryny deşip ölüme itýändigini we adam jenaýatlaryny edýändigini aýdan Çelik: "Gollandiýaly žurnalist Ingeborg Boýgel, Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Misotakise metbugat ýygnagynda "Bosgunlaryň yzyna itilmegi bilen bagly näme sebäpli ýalan sözleýäňiz? diýip sorag berdi. Žurnaliste bu wakdan soň ençeme hemle atyldy. Gresiýany terk etmäge mejbur galdy. Ähli bu zatlar ÝB-ne agza bir ýurtda boldy. ÝB bosgunlara garşy edilýän zuluma we žurnalistlere hemle atylmagyna sesini çykarmaýar" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar