Çawuşogly Moldowada Saparda Bolýar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Moldowa guraýan resmi saparynyň çäginde Kişinewde kärdeşi Nisu Popesku bilen duşuşdy

1735678
Çawuşogly Moldowada Saparda Bolýar

Mewlüt Çawuşogly Moldowanyň Daşary işler we Ýewropa bilen utgaşyklykdan jogapkär ministri Nisu Popeskunyň çakylygyna laýyklykda Kişinewe sapar guraýar.

Çawuşogly Moldowaly kardeşi bilen geçiren duşuşygyndan soň toparara gepleşikler geçirildi.

Duşuşykdan soň “Ministrliklerara Geňeşme Maksatnamasyna” gol çekişildi.

Çawuşogly saparynyň çäginde Moldowanyň Prezidenti Maia Sandu, Mejlisiň Başlygy Igor Grosu we Premýer-ministr Natalia Gawrilita bilen duşuşar.



Degişli Habarlar