Türkiýe Burkina-Fasoda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiýe Burkina-Fasoda 32 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen terrorçylykly hüjümi ýazgardy

1734416
Türkiýe Burkina-Fasoda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Burkina-Fasonyň Sahel sebitinde 14-nji oktýabrda guralan terrorçylykly hüjümde 28 Žandarma güýjüniň we asuda ilatdan 4 adamyň ýogalandygy we köp sanda adamyň ýaralanandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy bellenip: "Bu elhenç terrorçylykly aksiýany ýazgarýarys. Hüjümde ýogalan adamlaryň maşgalalaryna we dogan-garyndaşlaryna, Burkina-Fasonyň halkyna we hökümetine gynanç bildirýäris, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar