Prezident Erdogan Çanakgala welaýatynda saparda boldy

Prezident Erdogan: "Muzeýlere garyp ýurtlardan bolmakdan çykýarys, çykarys. Muzeýler babatynda dünýä bilen bäsleşýäris, bäsleşeris" diýip belledi

1733802
Prezident Erdogan Çanakgala welaýatynda saparda boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, bilinýän iň köne eýýamlardan başlap şu günki güne çenli taryhy goramak üçin her dürli ädim edendiklerini, mundan soň hem her dürli ädimi etmäge dowam etjekdiklerini beýan etdi. 

Prezident Erdogan, düýn Çanakgala welaýatyna guran saparynda, Türkiýäniň eýe bolan iň owadan we iň manyly medeni sungat eserleriniň biri bolan Troýa muzeýiniň açylyşyny ýerine ýetirmegiň özüne mynasyp bolandygyny habar berdi. 

Türkiýäniň çar tarapyndaky iň döwrebap muzeýleriň özleriniň zamanynda gurulandygyny we gurmaga dowam etjekdiklerini belläp: "Diňe taryhyň maddy galyndylaryny däl, eýsem ynsan gymmatlyklaryny gurýarys we eýe çykýarys" diýip mälim etdi. 

Prezident Erdogan: "Muzeýlere garyp ýurtlardan bolmakdan çykýarys, çykarys. Muzeýler babatynda dünýä bilen bäsleşýäris, bäsleşeris" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar