Daşary Işler Ministri Çawuşogly Eýranda Saparda Bolar

Çawuşogly resmi sapar bilen ertir Eýrana gider

1733694
Daşary Işler Ministri Çawuşogly Eýranda Saparda Bolar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýanyň myhmany hökmünde resmi sapar bilen ertir Eýrana gider.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Çawuşoglunyň saparynyň çäginde özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşyljakdygy bellenildi.

Iki kärdeşiň şeýle hem sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşmagyna garaşylýandygy nygtaldy.



Degişli Habarlar