Fuat Oktaý DKTR-na Gider

Fuat Oktaý, DKTR-nyň gurlan gününiň 38 ýyllygyna bagyşlanan dabalara gatnaşmak üçin 15-nji noýabrda paýtagt Lefkoşa gider.

1733345
Fuat Oktaý DKTR-na Gider

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň gurlan gününiň 38 ýyllygyna bagyşlanan dabalara gatnaşmak üçin 15-nji noýabrda paýtagt Lefkoşa gider.

Oktaý, dabaralaryň çäginde Lefkoşada Atatürk ýadigärligine gül desselerini guýar.

Prezident Ersin Tataryň DKTR-nyň gurlan güni mynasibetli berjek resmi agşam naharyna gatnaşjak Oktaý, Ýeni Girne harby hassahanasynyň gurluşygyna badalga berer we 500 adamlyk döwlet hassahanasynyň gurluşygy bilen tanyşar.

Fuat Oktaý Türk-Yslam bilim taryhy sergisiniň açylyş dabarasyna hem gatnaşar.



Degişli Habarlar