Hürkuş NATO Agza Ýurtlaryň Goşunlarynda Peýdalanylar

Ýerli şertlerde öndürilen tälim uçary “Hürkuşyň” NATO agza ýurtlaryň öz harby goşunlarynda peýdalanyljakdygy beýan edildi.

1732603
Hürkuş NATO Agza Ýurtlaryň Goşunlarynda Peýdalanylar

Prezidentiň ýanyndaky Goranyş senagaty edarasynyň Başlygy İsmail Demir Türkiýäniň radio-telewideniýe guramasyna beýanat berdi.

Demir: “Raýat awiasiýasy baş Müdirligi tarapyndan tassyklanan “Hürkuş” NATO-da ykrar ediler we ulanylar. Döwletler öz harby goşunlarynda peýdalanyp bilerler. “Hürkuşyň” eksport ediljek ýurdy belli” diýdi.

Beýleki tarapdan 5-nji nesil Milli söweş uçarynyň gysga möhletde öndürilmegi üçin hem irginsiz işleýändiklerini nygtan Demir: “Soňky ýyllarda iş ýüzüne geçiren taslamalarymyz bilen tejribeli adam serişdämiz, inženerlerimiziň sany artdy. Bu şertlerde biz dünýäde iňňän möhüm işe girişdik. Köp sanly ýurtda şeýle taslama ýok. Maksat 2023-nji ýylda hangardan çykmak. 2025-nji ýylda ilkinji uçuşymyzy amala aşyrmak isleýäris” diýdi.



Degişli Habarlar