Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Şyrnak welaýatynda başladylan Eren Gyş-1 Bestler-Dereler operasiýasynda 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1731564
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu Twitterden beren beýanatynda: "2017-nji ýylda 16 ýaşynda mahaly terrorçylar tarapyndan öldürilen Erene beren sözümiziň arkasynda durýarys" diýip belledi. 

Eren Gyş-1 Bestler-Dereler operasiýasynda 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýdan Soýlu, Žandarma güýçlerine minnetdarlyk bildirdi. 

Içeri işler ministrliginden ozal berilen beýanatda bolsa, ekstremist terror guramasy PKK-ny ýurdyň güntertibinden çykarmak we sebitde bardygy anyklanan terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek maksady bilen Şyrnak welaýatynda "Eren Gyş-1 Bestler-Dereler" atly operasiýa başladyldy. 

Şyrnak welaýatynyň Žandarma serkerdeliginiň ýolbaşçylyk etmeginde Žandarma güýçleriniň komandos güýçleriniň, Žandarma güýçleriniň ýöriteleşdirilen harby toparlarynyň, Polisiýanyň ýöriteleşdirilen güýçleriniň we howpsuzlyk goragçylaryndan ybarat jemi 1 müň 550 howpsuzlyk işgäriniň gatnaşmagynda operasiýanyň başladylandygy habar berilen beýanatda, ýurdyň içinde terrory dolulygyna ortadan aýyrmak maksady bilen geçirilýän Eren Gyş operasiýalarynyň halkyň goldawy bilen tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýändigi mälim edildi. 



Degişli Habarlar