Mewlüt Çawuşogly Şweýsariýada saparda bolýar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, BMG-nyň Medeniýetler alýansynyň Ženewa şäherindäki ofisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak maksady bilen Ženewa şäherine bardy

1731455
Mewlüt Çawuşogly Şweýsariýada saparda bolýar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly açylyş dabarasynda, Ženewa şäherindäki ofisiniň açylyşynyň BMG-nyň Medeniýetler alýansy üçin öwrülişik nokadydygyny belläp: "Bu ofis alýansymyzyň BMG-nyň adam hukuklaryna degişli guramalary bilen arabaglanşygyny güýçlendirer" diýip habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly daşary ýurt duşmançylygynyň, rasizmiň, Yslamafobiýanyň we ýigrenç bilen bagly jenaýatlaryň artýandygyny nygtap: "Maýalar, maglumat we gymmatlyklar şu günki gün globallaşýar, emma ýigrenç bilen bagly gorkylar we çydamsyzlyk artýar. Gören çärelerimizi täsirli bir herekede öwürip bilsek, Medeniýetler alýansy 21-nji asyryň parahatçylyk taslamasy bolup biler" diýip mälim etdi. 

Çawuşogly Medeniýetler alýansynyň maksadyna ýetip bilmegi üçin halkara jemgyýetiň goldawyna zerurlygyň bardygyny beýan etdi. 

Beýleki tarapdan Ispaniýanyň ýokary wekili Migel Moratinos bilen Stambulda sebitleýin ofisiniň açylmagy babatynda ylalaşyga gelendiklerini aýdan Çawuşogly: "Syýasy we maliýe goldawlarymyzy dowam etdireris. Herkimi esasan hem dostluk toparyna şoňa meňzeş herekediň edilmegine çagyrýarys" diýip aýan etdi. 

Beýleki tarapdan ministr Çawuşogly saparynyň çäginde Ispaniýanyň Daşary işler ministri Hose Manuel Albares bilen duşuşyk geçirdi. 

Duşuşyk bilen bagly özüniň Twitter hasabyndan beýanat beren Çawuşogly: "Albares bilen Ankarada geçiriljek 7-nji Türkiýe-Ispaniýa hökümetara sammitiniň taýarlyklaryny maslahatlaşdyk" diýip beýan etdi. 

Çawuşogly soň bolsa Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň başlygy Tedros Adhanom Gebreýesus bilen duşuşyk geçirdi. 

Duşuşyk bilen bagly özüniň Twitter hasabyndan beýanat beren Çawuşogly: "Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň başlygy Tedros Adhanom Gebreýesus bilen hyzmatdaşlyk taslamalarymyzy ele aldyk. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň pandemiýa garşy göreşinde goldawymyz dowam eder" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar