Türkiýe Önümçilik, Eksport, Maýa Goýum we Iş Üpjünçiligi Esasynda Ösüşini Dowam Etdirer

Prezident R.T.Erdogan Türkiýe 2023 Sammitine wideo ýüzlenme ugratdy

1729283
Türkiýe Önümçilik, Eksport, Maýa Goýum we Iş Üpjünçiligi Esasynda Ösüşini Dowam Etdirer

R.T.Erdogan ýylyň ahyrynda iki öýjükli ösüş mukdaryna ýetjekdiklerini beýan edip,  Türkiýäniň önümçilik, eksport, maýa goýum we iş üpjünçiligi esasynda ösüşini dowam etdirjekdigini aýtdy.

Dünýäniň iňňän agyr geçen 2 ýyldan soň täze görnüş koronawirusa garşy göreşini indi umytly dowam etdirýändigini beýan eden Erdogan, saglygy goraýyş, ulaglar, bilim we söwda ýaly ugurlaryň başda durmagynda ençeme pudakda tapgyrlaýyn kadalaşma başlangyçlarynyň edilýändigi görýändiklerini aýtdy.

Sanjymlamada we bejeriş usullarynda ýetiljek sepgide baglylykda mundan soňky tapgyryň iňňän depginli geçjekdigine ynanýandyklaryny aýdan Erdogan: “Emma adamzat pandemiýanyň saglyk tarapy bilen bagly meseleleri çözdügi saýyn, pandemiýa sebäpli başga meseleler ýüze çykýar” diýdi.

Erdogan global inflýasiýa, ykdysady durgunlyk, üpjünçilik zynjyrynda ýüze çykan üznükme ýaly meseleleriň esasanda günbatar ýurtlarynda rasizmiň, yslam duşmançylygynyň we daşary ýurtly garşydaşlygynyň hem artmagyna sebäp bolýandygyny beýan etdi.

“Bu howplara garşy Türkiýe öz ileri tutýan ugurlaryna, bähbitlerine we maksatlaryna laýyklykda syýasat alyp barýarys” diýen Erdogan, berýän goldawlary bilen täze fabrik-zawodlaryň açylmagyny üpjün edendiklerini, ençeme şäherlere täze önümçilik desgalaryny gurandyklaryny nygtady.

Erodgan; “Halkara guramalary 9 göterimlik ösüş çaklaýan hem bolsalar, ýylyň ahyrynda iki öýjükli ösüş görkezijilerine ýetjekdigimizi pikir edýäris” diýdi.

Erdogan Türkiýäniň önümçilik, eksport, maýa goýum we iş üpjünçiligi esasynda ösüşini dowam etdirjekdigini beýan etdi.



Degişli Habarlar