“Respublikanyň 100 Ýyllygyna, Şanly Güne Tarap Aýgytly Ädimler Bilen Barýarys”

Prezident Erdogan 29-njy oktýabr Respublikasy baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

1726470
“Respublikanyň 100 Ýyllygyna, Şanly Güne Tarap Aýgytly Ädimler Bilen Barýarys”

Prezident R. T. Erdogan 29-njy oktýabr Respublikasy baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Prezident Erdogan gutlagynda “Ýurduň içinde we daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlarymyz bilen şanly taryhymyzyň altyn halkalaryndan biri bolan bu buýsançly günümizi biziň bilen birlikde gutlaýan ähli dostlarymyzyň 29-njy oktýabr Respublika baýramyny gutlaýaryn. Bu watan ugruna janlaryny pida eden eziz şehitlerimize Alladan rehnet dileýärin. Watany ugruna gahrymanlarça göreşen gahrymanlarymyza öz adymdan, ýurdumyň we halkymyň adyndan minnetdarlyk bildirýärin” diýdi.

Respublikanyň 98-nji ýylynda, Respublajnyň esaslandyryjy Gazi Mustafa Kemal Atatürk bilen birlikde gahryman ýaragly egindeşlerini uly hormat bilen hatyralan Erdogan “ 2023-nji ýylda Respublikanyň 100 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belläp geçeris. Şol şanly güne tarap aýgytly ädimler bilen barýarys. Bu ýolda hiçbir güýjüň, hiçbir senariniň Türkiýani bökdemegine asla rugsat bermeris. Halkymyz bilen agzybirlikde, jebislikde we bitewilikde güýçli Türkiýäniň gurulmagy üçin 98 ýyldan bäri bolşy ýaly tagalla etmäge dowam ederis” diýip belledi.



Degişli Habarlar