Prezident Erdogan AKM-nyň Millet bakjasynyň açylyşyna gatnaşdy

Prezident Erdogan: "Nesip bolsa 2053-nji ýyl maksatnamamyzyň ilkinji we iň tankydy maksadymyz hökmünde kesgitlän Ýaşyl galkynyş ynkylabymyzyň lokomotiw şäheri Ankara bolar" diýip nygtady

1726321
Prezident Erdogan AKM-nyň Millet bakjasynyň açylyşyna gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, paýtagt Ankara şäherinde Atatürk Medeni Merkeziniň (AKM) Millet bakjasynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda, Stambul Atatürk howa menzilinde Respublikamyzyň 100-nji ýyly mynasybetli Millet bakjasynyň guruljakdygyny, tenderiň ýylyň ahyryna çenli amala aşyryljakdygyny mälim etdi. 

Prezident Erdogan Bütindünýä Bankynyň we ösen ýurtlaryň saýasynda Türkiýäniň gazanan 3 milliard 1576 million dollarlyk pul serişdesiniň ýaşyl klimat taslamalary üçin ulanyljakdygyny aýan etdi. 

Prezident Erdogan: "Nesip bolsa 2053-nji ýyl maksatnamamyzyň ilkinji we iň tankydy maksadymyz hökmünde kesgitlän Ýaşyl galkynyş ynkylabymyzyň lokomotiw şäheri Ankara bolar" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar