Çawuşogly: "Russiýa we ABŞ PKK/ÝPG-ny yzyna çekjekdigi baradaky sözünde durmadylar"

Mewlüt Çawuşogly: "PKK/ÝPG-nyň hüjümleri artdy. Ne Russiýa ne-de ABŞ olary yzyna çekjekdigi baradaky sözünde durmadylar. Bular ýaly ýagdaýda özümiz gerek bolan göçümi etmelidiris" diýip belledi

1726284
Çawuşogly: "Russiýa we ABŞ PKK/ÝPG-ny yzyna çekjekdigi baradaky sözünde durmadylar"

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, telewideniýe kanallaryň birinde göni ýaýlym arkaly geçirilen gepleşikde güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglara jogap berdi. 

Ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň hüjümleri sebäpli Siriýa guralmagy ähtimal operasiýa, Russiýa we ABŞ bilen Siriýa bilen bagly geçirilýän gepleşikler baradaky soraga Mewlüt Çawuşogly: "ABŞ bilen Siriýa babatynda bir meňzeş pikirde bolan ýurtlar ýa-da halkara Siriýa goldaw toparynyň maslahatynyň geçirilmegi baradaky teklibi orta atdyk, şonuň üstünde işleýäris" diýip jogap berdi. 

Çawuşogly şol formatda ýygy-ýygydan gepleşikleriň geçirilýändigini, ondan soň bolsa Astana formatynyň işläp başlandygyny ýatladyp: "Indi şolar ýaly maslahata zerurlygymyz bar. Biz şol ýüzlenmäni Russiýa hem berýäris, Eýranada berýäris: Siz gördüňiz, Asada tabynlykdaky güýçlerede düşündiriň, harby çözgüt mümkin däl diýip" habar berdi. 

Damaskdaky terrorçylykly hüjümleriň, Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibe guran hüjümleriniň konstitutsiýa bilen bagly gepleşiklere oňaýsyz täsir ýetirendigini aýdan Çawuşogly: "Ýeke täk çözgüt şol tapgyr. Ýagny oppozisiýa bilen Asada tabynlykdaky güýçler bir ýere jemlenip, Siriýanyň gelejegi bilen babatynda ylalaşmalydyrlar" diýip mälim etdi. 

Çawuşogly Siriýadaky Asada tabynlykdaky güýçleriň harby çözgüdi saýlandygyny, emma şol ýalňyşdan dänmegiň gerekdigini belläp, syýasy tapgyryň goldanmagynyň ähmiýetini nygtap geçdi. 

Türkiýäniň Siriýanyň territorial bütewiligini goldaýandygyny aýdan Çawuşogly: "PKK ählimiz üçin bir howp. Olar üçin hem howp, biz üçin hem howp. ÝPG/PKK-nyň soňky wagtlarda hüjümleri artdy. Gynansagam ne Russiýa ne-de ABŞ PKK/ÝPG-ny yzyna çekjekdigi baradaky sözünde durmadylar. Bular ýaly ýagdaýda özümiz gerek bolan göçümi etmelidiris. Hormatly Prezidentimiziň aýdýany hem şol" diýip aýan etdi. 

Ministr Çawuşogly Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, şol meseleleri Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen geçiren duşuşygynda belläp geçendigini, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen geçirmegi meýilleşdirilýän duşuşykda hem şol meseleleriň maslahatlaşyljakdygyny mälim etdi. 

Bolmagy ähtimal operasiýa bilen baglanşykly Prezident Erdoganyň gerek bolan beýanaty berendigini aýdan Çawuşogly, Erdogan gijeleriň birinde duýdansyz gelip bileris sözüni hem ýatladyp geçdi. 



Degişli Habarlar