Serbiýanyň Goranmak Ministri Türkiýede Saparda Bolýar

Iki ýurduň arasynda howpsyzlyk we goranyş senagaty pudagynda edilýän gatnaşyklar pugtalanmak bilen dowam eder

1725885
Serbiýanyň Goranmak Ministri Türkiýede Saparda Bolýar

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Serbiýanyň Wise-premýeri we Goranmak ministri Nebožsa Stefanowiç bilen duşuşdy.

Akar, Stefanowiçi Milli Goranmak ministrliginde harby dabara bilen garşylady.

Iki kärdeş özara duşuşykdan soň toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşiklerde özara we sebitara howpsyzlyk we goranyş senagaty pudagynda edilýän hyzmatdaşlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Akar, iki ýurduň arasynda howpsyzlyk we goranyş senagaty pudagynda edilýän gatnaşyklaryň pugtalanmak bilen dowam etjekdigini nygtady.

 Türkiýe bilen Serbiýanyň arasyndaky gepleşikleriň sebitiň parahatçylygyna we durnuklylygyna goşant goşýandygyny ýatladan Akar, Türkiýäniň Balkanlaryň howpsyzlygyna we durnuklylygyna uly ähmiýet berýändigini belledi.

 

 



Degişli Habarlar