Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda çykyş etdi

1725774
Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, düýn TBMM-de kabul edilen Siriýa we Yrak bilen baglanşykly ygtyýarnamanyň maksadynyň Türkiýäniň serhetleriniň golaýynda emele getirilmäge synanyşylýan terror koridoryna rugsat bermezlikdigini we Türkiýä garşy guralýan terrorçylykly hüjümleri gözbaşynda ýok etmekdigini beýan etdi. 

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda çykyş etdi. 

Prezident Erdogan, ösen we ösüp barýan ykdysadyýetleriň, birnäçe ýurtdan daşary ählisiniň diýen ýaly kiçelen geçen 2020-nji ýyly Türkiýäniň ösüş bilen ýapyp, şol ýolda ilkinji alamatlar berendigini aýan etdi. 

Ýurdyň ykdysadyýetiniň şu ýylyň ilkinji 2 çärýeginde örän güýçli ösüş görkezijilerine eýe bolandygyny aýdan Erdogan: "Önümçilikde mümkinçilikleri dolulygyna ulanýarys. Eksportymyz yzly-yzyna rekordlar goýar. Iş üpjünçiliginde hem koronawirus epidemiýasyndan ozalky sepgitden hem ýokary sepgide ýetdik" diýip habar berdi. 

Erdogan geçen 19 ýylda guran bilim ojaklarynyň, hassahanalaryň, ýollaryň, tunnelleriň, suw howdanlaryň, suwlama desgalarynyň, guramaçylykly senagat zolaklarynyň ähmiýetine bu tapgyrda has gowy göz ýetirilendigini beýan etdi. 

Öňümizdäki ýylyň býujetini hem global krizisleriň ýaramaz täsirine garamazdan, galkynyş maskatnamalaryny dowam etdirmek maksady bilen düzendiklerini aýdan Erdogan: "Nähili ýagdaýda koronawirus epidemiýasynyň hötdesinden güýçli saglygy goraýyş infrastrukturamyz bilen gelen bolsak, klimat çalyşygynyň sebäp bolan meseleleriň hem nesip bolsa Ýaşyl galkynyş ynkylaby bilen geleris" diýip mälim etdi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, düýn TBMM-de kabul edilen Siriýa we Yrak bilen baglanşykly ygtyýarnamanyň maksadynyň Türkiýäniň serhetleriniň golaýynda emele getirilmäge synanyşylýan terror koridoryna rugsat bermezlikdigini we Türkiýä garşy guralýan terrorçylykly hüjümleri gözbaşynda ýok etmekdigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar