Erdogan: "Baýden bilen Glazgoda geçirjek duşuşygymyzyň iň möhüm ugry biziň F-35 meselämiz bolar"

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde duşuşyk geçirjekdigini belläp: "Bu duşuşykda elbetde iň möhüm ugrumyz F-35 harby uçarlary bolar" diýip belledi

1725690
Erdogan: "Baýden bilen Glazgoda geçirjek duşuşygymyzyň iň möhüm ugry biziň F-35 meselämiz bolar"

Prezident Erdogan Azerbaýjana guran saparyndan gaýdyşyn uçarda metbugat işgärlerine beýanat berdi. 

Erdogan saparynda Azerbaýjanyň ermeni basyp alyşlygyndan azat edilen topraklarynda durmuşa geçirýän ýaňadandan dikeldiş we galkynyş işlerine ýakyndan gözegçilik edendigini, sebitdäki ykdysady mümkinçligiň janlandyrylmagy, transport liniýalarynyň dikeldilmegi we täze ýollaryň gurulmagy bilen bagly işlere gözegçilik edendigini habar berdi. 

Azerbaýjanyň Ysraýyl bilen edýän söwda gatnaşyklaryna Eýran tarapyndan bildirilen reaksiýalaryň hem üstünde durup geçen Erdogan, ýurtlaryň biri-birleriniň karar bermek mehanizmlerine täsir ýetirmeli däldiklerini nygtap, Eýranyň bu ýerde sagdyn pikirlilik bilen hereket etmegini umyt edýändiklerini beýan etdi. 

Prezident Erdogan tussaglykda bolan Osman Kawalanyň azat edilmegi üçin 10 ýurdyň ilçileriniň beren çagyryşlarynyň we ondan soň Türkiýäniň olara beren reaksiýalarynyň hem üstünde durup geçip: "Biziň edýän ädimlerimiz käbir töwereklere güýjümizi görkezmek däl, eýsem Türkiýede iş alyp barýan ilçileriň Türkiýäniň içerki işlerine goşulmazlygy görnüşindedir. Islendik bir ilçi iş alyp barýan ýurdunyň içerki işlerine goşulmak ygtyýaryna eýe däldir" diýip habar berdi. 

ABŞ-daky gazetleriň bu babatda ýazan makalalarynyň sözbaşylary barada bolsa Erdogan: "Meniň kitabymda yza ädim etmek ýok" diýip aýan etdi. 

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde geçirjek duşuşygy bilen bagly Erdogan: "Bu duşuşykda elbetde iň möhüm ugrumyz F-35 harby uçarlary bolar. F-35-lere biziň 1 milliard 400 million dollarlyk tölegimiz bar. Şol töleg bilen baglanşykly hem elbetde onuň bize nähili ýagdaýda yzyna beriljekdigi bilen bagly gepleşigimiz bolar" diýip mälim etdi. 

ABŞ-nyň Türkiýä F-16 harby uçarlary bermek meýilnamasynyň bardygy barada maglumat alandyklaryny aýdan Erdogan: "Bize gelip gowuşan maglumatlara laýyklykda olaryň F-35-ler üçin tölegi yzyna bermek meýilnamalary bar. Bu dogrymy ýa-da dälmi bularyň ählisini özleri bilen maslahatlaşarys. Iň ýokary derejede muny elbetde meniň Baýden bilen maslahatlaşmagym dogry bolar. Eger şolar ýaly bolsa onda şoňa görä ylalaşyk baglaşarys" diýip aýan etdi.

Erdogan terrora garşy göreşlerini hem ýurdyň öz içinde hem-de daşary ýurtda tutanýerlilik bilen dowam etdirjekdiklerini beýan etdi. 



Degişli Habarlar