Prezident Erdogan Azerbaýjana gitdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan 1 günlük iş sapary bilen Azerbaýjana gitdi

1725026
Prezident Erdogan Azerbaýjana gitdi

Prezident R. T. Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň çakylygyna laýyklykda şu gün irden Ankara Esenboga howa menzilinden Azerbaýjana ugrady. 

Prezident Erdogana saparynyň çäginde Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Transport we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly, Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Daşky gurşaw we şäherçilik ministri Murat Kurum, Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun we Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn ýoldaşlyk edýär. 

Prezident Erdogan saparynyň çäginde Watan ugrundaky söweş bilen basyp alyşlykdan azat edilen Fuzuli şäherinde gurlan howa menziliniň we sebitde gurlan täze gara ýoluň açylyş dabarasyna we şeýle hem Zengilanda Türkiýäniň hem goldaw bermeginde guruljak Döwrebap Oba hojalyk zolagynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşar. 

Saparda Türkiýe-Azerbaýjan gatnaşyklary ähli taraplaýyn gözden geçiriler, iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has hem çuňlaşdyrylmagy üçin ediljek ädimler ara alynyp maslahatlaşylar. 

Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde sebitleýin we halkara meseleler barada pikir alyşlmagy göz öňünde tutulýar. 



Degişli Habarlar