Türk Geňeşiniň Media Forumy Öz Işine Başlady

“Kökli geçmiş, Güýçli gelejek” temaly “Türk geňeşiniň Media forumy” öz işine başlady

1723658
Türk Geňeşiniň Media Forumy Öz Işine Başlady

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň guramagynda “Kökli geçmiş, Güýçli gelejek” temaly “Türk geňeşiniň Media forumy” öz işine başlady

Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun maslahatyň açylyşynda sözlän sözünde Türkiýe Respublikasynyň hem içeride hem-de daşarda “hakykat göreşini” alyp barýandygyny beýan edip; “Ýalana we maglumat kezzapçylygyna garşy hakykatyň tarapynda durmagy, ahlagymyzyň talaby, dessury hökmünde kabul edýaris” diýdi.

Bu ahlaky pozisiýanyň “post-truth” ýa-da “hakykatdan ýokary” hökmünde atlandyrylýan döwürdäki ähmiýetiniň hasam artandygyny nygtan Altun: “Öňümizde hakykaty manysyzlaşdyrmaga, ähmiýetsizleşdirmäge, halklary medeni, ykdsyady we ideologik taýdan ekspluatirlemäge açyk ýagdaýa getirmäge synanşýan, sözüň doly manysynda ýalan senagaty bar. Şol ýalan senagaty dünýäniň dürli sebitlerinde “galp habarlar” ýa-da “amaly mazmunlar” arkaly jemgyýetleri “biz we olar” ikiligine gysmaga, mejbur etmäge synanşýar. Aç-açan beýan edilende, biz ýalan senagaty bilen, maglumat kezzapçylygyna garşy göreşi milli howpsuzlygymyzyň egilşiksiz talaby hökmünde görýäris we ähli başlangyçlarymyzy şuňa görä edýäris” diýdi.

Beýleki tarapdan maglumat kezzapçylygynyň diňe bir sosial media ulgamlarynda däl, şol bir wagtda-da adaty media ulgamlarynda-da bardygyny görýäris. Ol ýerlerde-de wagtal-wagtal jemgyýetleriň reflekslerini synap görýän, esasy güýç merkezlerini herekete geçirmegi nazarda tutýan neşirleri çap edýärler. Bu taýda esasanda käbir daşary ýurtlaryň maliýeleşdirýän guramalaryny we şolaryň ýurtlarymyzdaky ýaranlaryny göz öňünde tutýaryn. Şol döwrebap Truwa atlaryna garşy hüşgär bolmak, olaryň zyýanly işleriniň öňüni bilelikde alalyň” diýdi.

Fahrettin Altun: “Şu günki günde biziň üstümize düşýän jogapkärçilik Türk geňeşiniň digital faşizme, kiber imperalizme we global ýalan senagatyna garşy özümize degişli maglumat öndürmek we ýetiriş ulgamlarymyzy güýçlendirmekden ybarat. Şol çäkde türk dünýäsiniň gelejegi üçin liderlerimiziň alyp barýan göreşine laýyklykda aragatnaşyk pudagynda gyşarnyksyz ýerine ýetirilýän jemgyýetçilik düşünjäni emele getirmek hökmanydyr” diýdi.

Şol çäkde Türkiýäniň radio-telewideniýe guramasy we “Anadoly” habarlar gullugy ýaly, türk mediasynyň ähli güýçli guramalarynyň özara hyzmatdaşlygynda, tejribe alyşmagy we jemgyýetleriň birek-biregi has ýakyndan tanamagyny üpjün etjek bilelikdäki taslamalara açykdygyny beýan eden Altun: “Kommunikasiýalar edaramyzyň çäginde iş alyp barýan biz, men we egindeşlerim, bar güýjümiz bilen Hormatly Prezidentimiz R.T.Erdoganyň öňbaşçylygynda beýik we güýçli Türkiýe düşünjesi üçin göreşmäge, türk dünýäsiniň jebisligi, agzybirligi we abadançylygy üçin irginsiz işlemäge dowam ederis; haýsydyr bir howpdan, abaý-syýasatdan gypynçsyz…” diýdi.

Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun, türk dünýasiniň global aragatnaşyk ulgamyndaky ukybyny we şertlerini artdyrmak, maglumat kezzapçylygyna garşy göreşmek taýdan ähli goşandy goşmaga taýardyklaryny beýan etdi.

 

 


Etiketkalar: #media , #forum , #Fahrettin Altun

Degişli Habarlar