“Türk Geňeşiniň Agzalary Bilen Afrika Ýurtlaryna Sanjym Kömegini Bereris”

Erdogan,Türkiýe-Afrika işewürler maslahatyna gatnaşdy.

1723731
“Türk Geňeşiniň Agzalary Bilen Afrika Ýurtlaryna Sanjym Kömegini Bereris”

Prezident R. T. Erdogan, Stambul kongres merkezinde geçirlen Türkiýe-Afrika işewürler maslahatyna gatnaşdy.

Maslahatynda eden çykyşynda Türkiýäniň Afrika ýurtlary bilen edýän gatnaşyklary hakynda durup geçen Erdogan “Geljekde özara gatnaşyklarymyzy has-da güýçlendirjekdigimize ynanýaryn. Afrika ýurtlary bilen edýän söwda mukdarymyz 6 milliard dollardan geçdi. Sebitde ýerleşýän ýurtlar bilen edýän söwda mukdarymyz 2020-njy ýylda 25, 3 milliard dollara çenli baryp ýetdi. İlkinji nobatda söwda mukdarymyzy 50, soň bolsa 75 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýäris” diýdi.

Erdogan, “Saglygy goraýyş taýdan uly kynçylygy başdan geçirýän afrikanyň halkyna epidemiýa garşy göreşiň çäginde Türkiýäniň öňbaşçylygynda Türk geňeşine agza ýurtlar bilen birlikde sanjym kömegini bereris. Afrikada ýerleşýän 44 ýurda lukmançylyk enjamy kömegini bermäge dowam edýär” diýdi.

 



Degişli Habarlar