Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen 106 bosgun halas edildi

Izmir, Aýdyn we Mugla welaýatynyň Datça etrabynyň suw giňişliginde Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen 106 bosgun halas edildi

1723469
Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen 106 bosgun halas edildi

Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk serkerdeliginiň internet saýtynda berilen maglumata görä, Izmir welaýatynyň Çeşme etrabynyň suw giňişliginde sanly radar tarapyndan bosgunlaryň bardygy anyklandy. 

Şol sebäpli sebite Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli gaýyk gönükdirildi. 

Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilendigi anyklanan 28 bosgun halas edilip, kenara çykaryldy. 

Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabynyň Milli Parklar sebitinde bosgunlaryň bardygy barada maglumat aldy. 

Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen we öz mümkinçilikleri bilen kenara çykan 11 bosgun halas edildi. 

Halas ediş toparlar mundan başgada Mugla welaýatynyň Datça etrabynyň suw giňişliginde 3 aýry toparyň bardygy barada alan maglumatlarynyň esasynda sebite gönükdirildi. 

Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilendigi kesgitlenen 67 bosguny halas etdi. 

Kenara çykarylan bosgunlar, deslapky işlerden soň welaýat Migrasiýa edarasyna gönükdirildi. 



Degişli Habarlar