Erdogan Türk Geňeşiniň Media forumyna wideo ýüzlenme ugratdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Nähili ýagdaýda senagat we harby meselelerde dolulygyna daşary ýurtlara bil baglamaýan bolsak, aragatnaşyk meselämizi hem başgalara ynanmarys" diýdi

1723502
Erdogan Türk Geňeşiniň Media forumyna wideo ýüzlenme ugratdy

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň ýer eýeçilik etmeginde "Gadymy geçmiş, güýçli gelejek" temasy bilen geçirilýän Türk Geňeşiniň Media forumy Stambulda öz işine başlady. 

Erdogan Türk Geňeşiniň Media forumyna wideo ýüzlenme ugradyp: "Sanly faşizmiň ýumuryjy täsirinden nähili ösen bolsa bolsun, hiç bir ýurt ýa-da jemgyýet azat däldir. Türk dünýäsi sanly faşizm bilen birlikde halkara medianyň ikiýüzli standardyna sezewar galýar. Esasan hem 44 gün dowam eden Daglyk Garabag söweşinde şaýat boluşymyz ýaly iki ýüzli çemeleşme ýurtlarymyz taýdan ähmiýetini orta goýdy. Ermenistanyň goşunynyň asuda ilaty nyşana alyp eden gyrgynçylyklary we ballistik raketa bilen guran hüjümleri hiç hili gün tertibe getirilmedi. Media garaşsyzlygyndan we obýektiwlikden söz edýän halkara media organlary Ermenistanyň resmi habarlar agentlikleri ýaly hereket etdiler" diýip habar berdi. 

"Garabag söweşi ýurtlarymyz we Türki dünýäsi bilen baglanşykly hakykatlara garşy edilen metbugat embargosynyň ne ilki ne-de soňky mysalydyr" diýip aýdan Erdogan: "Toslama gyrgynçylyk öňe sürmeleri başda bolmak bilen taryhymyzy, milli howpsuzlygymyzy we milletimiziň gymmatlyklaryny nyşana alan ençeme ugurda hem şolar ýaly çemeleşmä sezewar galýarys. Başymyzdan geçiren gussaly tejribeleriň saýasynda şol hakykatlary indi ählimiz açyk we anyk ýagdaýda görüp bilýäris. Nähili ýagdaýda senagat we harby meselelerde dolulygyna daşary ýurtlara bil baglamaýan bolsak, aragatnaşyk meselämizi hem başgalara ynanmaýarys. Gündogarşynas nukdaýnazaryndan dowamly häsýetde bize adam hukuklary, demokratiýa we azatlyk bilen bagly sapaklar berýän wyždan we hünär ahlakyna ynanyp bilmeris. Beýleki strategik meselelerde bolşy ýaly media we aragatnaşyk meselelerinde hem öz başymyz özümiz çaramalydyrys" diýip nygtady.

Erdogan: "Türk dünýäsi bu ugurda inisiatiwany öz üstümize almalydyrys, tejribelerimizi paýlaşmalydyrys, hyzmatdaşlyk etmelidiris we ellerimizdäki mümkinçilikleri iň täsirli ýagdaýda netijelendirmegiň ýollaryny tapmalydyrys. Gadymy geçmiş, güýçli gelejek temasy bilen geçirýän bu forumyň bize bu ugurda güýçli bir platforma döretjekdigine ynanýarys.Tankydy bir wagtda we ýurtlaryň resmileriniň gatnaşmagynda geçirilýän forumyň bizi bu maksatlarymyza ýene-de bir ädim golaýlaşdyrmagyny umyt edýäris" diýip belledi. 



Degişli Habarlar