Erdogan: "1 milliard 400 million dollarymyzy islendik şertde alarys" diýdi

Prezident Erdogan: "ABŞ-na F-35-ler üçin berilen 1 milliard 400 million dollarymyzy islendik şertde alarys" diýip belledi

1723022
Erdogan: "1 milliard 400 million dollarymyzy islendik şertde alarys" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Angola, Togo we Nigeriýa guran saparyndan soň uçarda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. 

Prezident F-35-ler bilen baglanşykly: "Häzirki wagtda kiçiräk gepleşikler geçirilýär. Emma biz 1 milliard 400 million dollarymyzy islendik şertde alarys. Rim şäherinde geçiriljek G-20 maslahatynda ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen duşuşyk geçireris. Näme edeli, näme bolýar diýip sorarys. Hiç bir ýagdaýda Türkiýäniň hukuklarynyň elinden alynmagyna rugsat bermeris" diýip belledi.

Erdogan žurnalistleriň biriniň Siriýada serhetaşa operasiýanyň geçirilip-geçirilmejekdigi bilen bagly soraga: "Häzirki wagtda biziň sebitde tankydy ýerlerde operasiýalarymyz dowam edýär. Hiç hili egilşik etmeris. Siriýadaky bu tapgyry dowam etdirýäris. Häzirki wagtda Asada tabynlykdaky güýçler nähili pozisiýa eýelär, ony bilemok, emma biz esasan hem Idlibde näme gerek bolsa ony etmäge we ähli agyr ýaraglarymyz bilen birlikde jogap bermäge dowam ederis" diýip habar berdi.  

Günbatar Afrika ýurtlaryna 17-nji oktýabrda başladan resmi saparlaryny netijeli tamamlandyklaryny aýdan Erdogan, şeýlelik bilen şu günki güne çenli 30 aýry Afrika ýurduna 41 sapar gurandyklaryny mälim etdi. 

Prezident Erdogan saparynyň çäginde Angola, Togo, Burkina-Faso, Liberiýa we Nigeriýanyň Prezidentleri bilen geçiren duşuşyklarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary we sebitleýin meseleleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşandygyny aýan etdi. 



Degişli Habarlar