Daşary Işler Ministri Çawuşogly Kärdeşleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Çawuşogly, Eýranyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1723131
Daşary Işler Ministri Çawuşogly Kärdeşleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Eýranyň Daşary işler ministri Emir Abdullahiýan we Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministri Abdullah bin Zaýid Al Nahýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Çawuşogly eýranly kärdeşi Abdullahiýan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar, Siriýada we Owganystanda başdan geçirilýän soňky wakalar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Iki kärdeş Eýranyň ýadro gepleşikleri hakynda hem pikir alyşdy.

Mewlüt Çawuşogly bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministri Abdullah bin Zaýid Al Nahýan bolsa telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklary ähli taraplaýyn ara alyp maslahatlaşdy.

 



Degişli Habarlar