Türkiýe ÝB Komissiýasynyň habarnamasyna reaksiýa bildirdi

Türkiýe Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň 2021-nji ýyl Giňeldiş bukjasynyň çäginde taýarlanan Türkiýe bilen bagly habarnamasyna reaksiýa bildirdi

1722283
Türkiýe ÝB Komissiýasynyň habarnamasyna reaksiýa bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi mesele bilen bagly beren beýanatynda: "ÝB-niň ygtyýarynda bolmadyk meselelerde, geçen ýyllarda bolşy ýaly ýene-de oňaýsyz we tarapgöý grek tezislerini öňe sürmegini ret edýäris" diýip habar berildi. 

"Esasan hem syýasy kriteriýalar bilen Kazyýet we Adaty Hukuklar babatyndaky esassyz we hukuksyz tankydy bellikleri kabul etmeýäris" diýip bellenen beýanatda, agza döwletleriň arasynda hem jedelleşikli bolan käbir meselelerde Türkiýäniň şertleri göz öňünde tutulmadan, Türkiýäniň dolanşyk we syýasy ulgamyna, adaty hukuklaryna, käbir kazyýet kararlary bilen Türkiýäniň terrora garşy göreşine garşy hukuksyz we proporsional bolmadyk kesgitlemeleriň ret edilendigi mälim edildi diýip habar berildi. 

Türkiýäniň sezewar galan synaglary bilen PKK/PÝD/ÝPG, FETÖ we DAIŞ ýaly terror guramalarynyň howplary ünsden düşürilen bu çemeleşme, Ýewropadaky ÝB we Türkiýä garşy bolan radikal gatlaklary şatlandyrmakdan başga bir maksada hyzmat etmeýändigi bellenen beýanatda, Türkiýäniň 18-nji mart Bosgun ylalaşygynyň ähli taraplaýyn täzelenmegi baradaky çagyryşlaryna garamazdan, habarnamada ylalaşygyň diňe göç ugruna ähmiýet berýän we Türkiýäniň edenlerini öwmek bilen birlikde öz jogapkärçilikleriniň üstünde durmaýan ÝB-niň, diňe öz bähbitlerine hyzmat edýän ugurlarda Türkiýe bilen gündelik al-ber gatnaşygyny alyp barmak islemeginiň kabul edilmejekdigi aýan edildi. 

 


Etiketkalar: #reaksiýa , #ÝB , #Türkiýe

Degişli Habarlar