Prezident Erdogan Nigeriýa bardy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Afrika saparynyň 3-nji we soňky duralgasy bolan Nigeriýa bardy

1722139
Prezident Erdogan Nigeriýa bardy

Prezident Erdogan Abudža Halkara Nnamdi Azikwe howa menziline baranynda Nigeriýanyň Daşary işler ministri Jeffri Oneama, Federal paýtagt zolagynyň ministri Muhammed Musa Bello, Nigeriýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ismail Ýusuf Abba we Türkiýäniň Abudža şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Hidaýet Baýraktar tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy. 

Resmi saparyna şu gün başlajak Prezident Erdogan, Nigeriýanyň Prezidenti Muhammed Buhari tarapyndan Prezident köşgünde resmi dabara bilen garşylanar. Ikiçäk we toparara gepleşikler geçirjek Erdogan we Buhari, reminamalaryň gol çekişlik dabarasyna gatnaşarlar we soň bolsa umumy metbugat ýygnagyny geçirerler. 

Prezident Erdoganyň şeýle hem nigeriýaly kärdeşi Buhari tarapyndan öz hormadyna beriljek resmi günortan naharyna gatnaşmagyna garaşylýar. 



Degişli Habarlar