Prezident Erdogan Togoda saparda bolýar

Prezident Rejep Taýýip Erdogan resmi sapar bilen Togo Respublikasyna bardy

1721997
Prezident Erdogan Togoda saparda bolýar

Prezident Erdogan ilki bilen halkara howa menzilinde, soň bolsa Prezident köşgünde Togo Respublikasynyň Prezidenti For Essozimna Gnassingbe tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy. 

Iki ýurdyň Milli senalarynyň ýerine ýetirilen dabarada Erdogana we Gnassingbe ikitaraplaýyn häsýetde wekiliýetler tanyşdyryldy. 

Resmi dabaradan soň iki lider ikiçäk we topara gepleşikler geçirerler. 

Gepleşiklerden soň metbugat ýygnagyna gatnaşjak Erdogan we Gnassingbe soň bolsa gol çekişlik dabarasyna gatnaşarlar. 

Togo Rerspublikasynyň Prezidenti For Essozimna Gnassingbe, Burkina-Faso döwletiniň Prezidenti Roh Mark Kristian Kabore we Liberiýa döwletiniň Döwlet baştutany Jorj Manneh Wea bilen dörttaraplaýyn iş naharynda duşuşyk geçirjek Prezident Erdogan, Kabore we Wea bilen bolsa soňra ikiçäk duşuşyk geçirer. 

Erdogan Togo saparyndan soň Afrikadaky soňky duralgasy bolan Nigeriýanyň paýtagty Abudža şäherine barar. 



Degişli Habarlar