Erdogan: "2021-nji ýyly 9 göterimlik ösüş bilen tamamlamagy göz öňünde tutýarys" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan 2021-nji ýyly 9 göterimlik ösüş bilen tamamlamagy göz öňünde tutýandyklaryny beýan etdi

1721516
Erdogan: "2021-nji ýyly 9 göterimlik ösüş bilen tamamlamagy göz öňünde tutýarys" diýdi

Prezident Erdogan resmi sapar bilen giden Angolada Türkiýe-Angola Işewürler forumynda çykyş etdi. 

Türkiýe-Angola gatnaşyklarynyň hak eden derejesine gelmegine uly ähmiýet berýändiklerini aýdan Erdogan: "Angola bilen geçiren gepleşiklerimizde ykdysady we söwda hyzmatdaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdyk. Ikitaraplaýyn söwdamyzy 500 million dollara ýetirmek barada karara geldik. Ýurdumyzyň güýçli saglygy goraýyş infrastrukturasyndan peýdalanýan afrikaly myhmanlarymyzyň sany örän artdy" diýip habar berdi. 

G-20-ä agza bolan Türkiýe bilen Afrikanyň barha beýgelýän ýyldyzy bolan Angolanyň gatnaşyklaryny ösdürmekde giýjä galynmagynyň gynandyryjydygyny aýdan Erdogan, ikitaraplaýyn saparlar boýunça taryhy ädim edendiklerini beýan etdi. 

Çykyşynda Türkiýäniň ykdysadyýetindäki ösüşiniň hem üstünde durup geçen Erdogan: "Nesip bolsa 2021-nji ýyly 9 göterimlik ösüş bilen tamamlamagy göz öňünde tutýarys" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar