Mustafa Şentop Fransiýa reaksiýa bildirdi

Şentop, Fransiýanyň 1961-nji ýylda ýüzlerçe alžirli demonstranty öldürmeginiň 60-njy ýylynda sosial media hasabyndan reaksiýa bildirip, ýüzlenme çap etdi

1720945
Mustafa Şentop Fransiýa reaksiýa bildirdi

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop, Fransiýanyň 1961-nji ýylda ýüzlerçe alžirli demonstranty öldürmeginiň 60-njy ýylynda sosial media hasabyndan reaksiýa bildirip, ýüzlenme çap etdi. 

TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop, Twitter hasabyndan türk, fransuz, iňlis we arap dillerinde beren beýanatynda, Fransiýanyň 300-den gowrak alžirli demonstranty 1961-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Parižde öldürendigini habar berdi. 

Alžiriň mejlisiniň başlygy Ibrahim Bugaliniň sözlerini gaýtalandygyny aýdan Mustafa Şentop, beýanatynda Ibrahim Bugaliniň: "Bu gyrgynçylyklar, Fransiýanyň maňlaýynda utanç tagmasy bolup galar. Adamlara garşy edilen jenaýatlaryň möhledi bolmaz" diýen sözlerini paýlaşdy. 



Degişli Habarlar