"PKK/ÝPG-ä ABŞ-nyň we Siriýanyň Hökümetiniň Berýän Goldawyna Garşy Çäre Göreris”

Prezident Erdogan, Stambulda Juma namazyndan soň metbugata beýannama berdi.

1720317
"PKK/ÝPG-ä  ABŞ-nyň we Siriýanyň Hökümetiniň Berýän Goldawyna Garşy Çäre Göreris”

Prezident R. T. Erdogan, Siriýada ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä, ABŞ-nyň we Siriýanyň hökümetiniň berýän goldawyna garşy degişli çäreleri görjekdiklerini aýtdy.

Prezident Erdogan, Stambulda Juma namazyndan soň metbugata beýannama berdi.

Siriýanyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG/PÝD-niň iş alyp barýandygyny we bulara goldaw berýän ýurtlaryň başynda ABŞ-nyň gelýändigini nygtan Erdogan, “ Olaryň berýän ähli goldawlary, ýaraglary we ok-därileri bilen birlikde terrorçylykly hüjümler guraýarlar. Biz şol hüjümlere garşy göreşýäris. Terror guramalaryna ABŞ-nyň we Asada tabynlykdaky güýçleriň berýän goldawlaryna garşy çäre göreris we bu meselede egilşik etmeris” diýdi.

Owganystanda başdan geçirilýän wakalar hakynda hem durup geçen Prezident Erdogan, Talibanyň dünýä ýurtlary tarapyndan kabul edilmegi üçin saparlar guraýandygyny ýatlatdy.

Prezident Erdogan düýn Türkiýä gelen Talibanyň wekiliýeti bilen owgan halkyna ynsanperwer kömeginiň berilmegi meselesi bilen birlikde Owganystandaky täze syýasy etabyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.

 

 

 



Degişli Habarlar