Merkel Türkiýä Iş Saparyny Gurar

Angela Merkel Prezident Erdoganyň çakylygyna laýyklykda ertir Türkiýä iş saparyny gurar

1720123
Merkel Türkiýä Iş Saparyny Gurar

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Prezident R.T.Erdoganyň çakylygyna laýyklykda ertir Türkiýä iş saparyny gurar

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä Stambuldaky duşuşyklarda Türkiýe bilen Germaniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar ähli taraplaýyn seljeriler, hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin bar bolan şertler hakynda pikir alyşylar.

Duşuşykda garaljak ugurlaryň hatarynda Türkiýe-ÝB gatnaşyklary, Liwiýa, Siriýa we Owganystan ýaly sebitleýin hem-de halkara meseleler bolar.



Degişli Habarlar