Çawuşogly Ankarada Saparda Bolýan Talibanyň Wekiliýeti Bilen Duşuşdy

"Owgan wekiliýetinden ýurtdaky soňky ýagdaý hakynda maglymat alandyk"

1719855
Çawuşogly Ankarada Saparda Bolýan Talibanyň Wekiliýeti Bilen Duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň ýolbaşçylygyndaky türk wekiliýeti Muttakiniň başlyklyk edýan Taliban wekiliýeti bilen duşuşdy.

Duşuşykdan soň beýannama beren Çawuşogly owgan wekiliýetinden ýurtdaky soňky ýagdaý hakynda maglymat alandyklaryny aýtdy.

Talibana Owganystanda zenanlaryň iş durmuşa goşulmagy üçin maslahat berendiklerini beýan eden Çawuşogly; “Zenanlaryň işlemegi islam dünýäsiniň tamasy” diýdi.

Çawuşogly: “Talibanyň ähli zatdan ozal ýurduň jebisligi üçin tagalla etmelidigini şu gün ýene-de bir gezek beýan etdik” diýdi.

Owganystandan uçar saparlarynyň amala aşyrylmagyna garaşýandyklaryny Talibanyň dykgatyna ýetirendiklerini beýan eden Çawuşogly, Talibanyň wekiliýetiniň bolsa Türkiýä esasanda ynsanperwer kömekleri, Owganystandaky maýa goýumlaryň dowam etmegi meselelerinde haýyştlaryny ýetirendigini aýtdy.

Çawuşogly bosgunlar meselesiniň hem gün tertibine gelendigini beýan edip; “Talibanyň wekiliýeti owgan bosgunlarynyň ýurtlaryna dolanmak islän halatynda ellerinden geleni etjekdiklerini aýtdy” diýdi.



Degişli Habarlar