TURKOVAC Delta Wariantyny Izolirledi

Täze görnüş koronawirusa garşy öndürilen ýerli sanjym “TURKOVAC-yň” Delta warianty boýunça barlaglarynda wirus izolirlendi

1719588
TURKOVAC Delta Wariantyny Izolirledi

Kaýseri Erjiýes uniwersitetiniň Rektory Professor Mustafa Çalyş uniwersitetde öndürilen “TURKOVAC” sanjymynyň Kowid-19-yň Delta wariantyna täsiri hakynda: “Delta wariantyny izolirledik” diýdi.

Rektor Çalyş “TURKOVAC” sanjymynyň iňlis wariantyna garşy doly netijelidigini ozalky barlaglarda kesgitlandiklerini ýatlatdy.

Delta warianty boýunça barlaglara başlandyklaryny beýan eden Çalyş; “Delta wariantyny izolirledik. Delta wariantyna garşy “TURKOVAC” sanjymymyzyň netijeliligini öwrenýäris. Hem transgeniki syçanlarda hem-de meýletin serumlarynda barlaglarymyz dowam edýär. Enşalla gysga möhletde netijelener. Alfa wariantynda bolşy ýaly munda-da iňňän netijeli bolmagyna garaşýarys. Ylmy-barlag toparymyz irginsiz işleýär. Belki bir aýyň dowamynda Delta wariantyna “TURKOVAC” sanjymynyň netijesini görkezeris” diýdi.

Rektor Çalyş “TURKOVAC” sanjymynda 3-nji tapgyr barlaglaryň dowam edýändigini beýan etdi.



Degişli Habarlar