“Paýtagt Ankara Respublikanyň Gurluşynyň, Galkynyşynyň we Demokratiýanyň Esasy Merkezi”

Erdogan, Ankaranyň 1923-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda paýtagt hökmünde yglan güni mynasibetli ýüzlenme çap etdi.

1719359
“Paýtagt Ankara Respublikanyň Gurluşynyň, Galkynyşynyň we Demokratiýanyň Esasy Merkezi”

Prezident R. T. Erdogan, paýtagt Ankaranyň Respublikanyň gurluşynyň, galkynyşynyň we demokratik ösüş etabynyň merkezi bolandygyny aýtdy.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan, Ankaranyň 1923-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda paýtagt hökmünde yglan güni mynasibetli ýüzlenme çap etdi.

Prezident Erdogan ýüzlenmesinde, Ankaranyň, Milli azat edijilik söweşi ýyllarynda (1919-1923) taryhy karargäh merkezi wezipesini öz üstüne alyp, strategik kararlaryň kabul edilmegine we Respublika tarap barýan ýolda esasy guramalaryň döredilmegine ýer eýeçiligini edendigini nygtady.

Erdogan ýüzlenmesinde “Ankaranyň paýtagt hökmünde yglan eden güni bilen mähirli gutlaýaryn. Watanymyzyň basyp alyjy güýçlere garşy alyp baran gaýduwsyz göreşinde taryhy jogapkärçiligi öz üstüne alan Ankara, Respublikanyň gurluşynyň, galkynyşyň we demokratik ösüş etabynyň hem merkezidir. Respublikamyzyň gurulmagynda we galkynmagynda uly rol oýan paýtagt Ankaranyň medeni we taryhy baýlygynyň goralyp saklanmagy diýseň möhüm. Müňlerçe ýyllyk döwlet mirasymyzyň wekili bolan Ankara, mundan soň hem ýurdumyzyň galkynyşynda, güýçlenmeginde we demokratiýanyň ösüşinde esasy rol oýnamaga dowam eder. Bu şanly günde Respublikanyň esaslandyryjysy Gazi Mustafa Kemal Atatürki, egindeşlerini, ähli şehitlerimizi we gahrymanlymyzy uly hormat bilen hatyralaýaryn” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar