Türkiýe Ýerli TURKOVAC Sanjymyny Ulanmaga Bermek Üçin Taýarlyk Görýär

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja meýletinleri “TURKOVAC” sanjymyny etdirmäge çagyrdy

1719149
Türkiýe Ýerli TURKOVAC Sanjymyny Ulanmaga Bermek Üçin Taýarlyk Görýär

 Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja ýerli koronawirus sanjymy “TURKOVAC-y” ulanmaga bermek üçin taýarlyk görýändiklerini beýan etdi.

Ministr Koja sosial media hasabyndan beren habarnamasynda “TURKOVAC” sanjymynyň üçünji tapgyr barlaglary üçin meýletinlere çagyryş edip; “İki doza sanjym etdiren, Kodiw-19 ýokanjyna ýolukmadyk, 18-59 ýaş aralygynda, sagdyn her bir raýatlarymyz bize goldaw berip biler. 3-nji doza sanjym etdirmek islege bagly. Emma, eger-de meýletinler ýerli “TURKOVAC” sanjymyna azyndan üç müň raýatymyz isleg bildirmeli” diýdi.

Ministr Kowanyň habarnamasynyn aşagyndaky çagyryşda: “Üçünji dozany islän sanjymyňyzdan etdiriň, TURKOVAC köpçülikleýin önümçilige başlasyn” diýilýär.

Ýatlatma sanjymyny “TURKOVAC” bilen etdirmek isleýänler “enabiz.gow.tr” salgysyndan ýüz tutup biler. Giňişleýin maglumaty ALO 184-den alynyp bilinýär.

Sanjymlar Şäher keselhanalarynyň ýany bilen 41 merkezde edilýär.

 



Degişli Habarlar