Içeri Işler Ministri Soýlu, ÝB Komissiýasynyň Agzalary Bilen Duşuşdy

“Seljerlen halkara we sebitara meselelere içgin çemeleşendikleri üçin sag bolsun aýdýaryn"

1718838
Içeri Işler Ministri Soýlu, ÝB Komissiýasynyň Agzalary Bilen Duşuşdy

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, ÝB Komissiýasynyň içerki işlerinden jogapkär agzasy Ýohanssonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.

Ministr Soýlu duşuşyk hakynda Twitterden beren habarnamasynda, ilkinji gezek geçirlen Türkiýe-ÝB göç we howpsyzlyk maslahatynda terror, howpsyzlyk, göç dolanşygy, neşe söwdasy we guramaçylykly jenaýatlara garşy göreş bilen birlikde aktual meseleler ara alnyp maslahatlaşylandygyny nygtady.

Soýlu “Seljerlen halkara we sebitara meselelere içgin çemeleşendikleri üçin sag bolsun aýdýaryn, mundan soňky etapda hyzmatdaşlygymyzyň güýçlenmek bilen dowam etmegini umyt edýärin” diýdi.

Duşuşyga Içeri işler ministriniň orunbasarlary Muhterem Inje bilen Ismail Çatakly, Daşary işler ministriniň orunbasary Faruk Kaýmakjy, Içeri işler müdüri Mehmet Aktaş bilen birlikde Göç edarasynyň Baş müdüri Sawaş Ünlü hem gatnaşdy.



Degişli Habarlar