Erdogan G20-niň Owganystan Temaly Maslahatyna Gatnaşdy

Prezident R.T.Erdogan G20-niň liderleriniň nobatdan daşary Owganystan temaly maslahatyna wideo konferensiýa ulgamy arkaly gatnaşdy

1718551
Erdogan G20-niň Owganystan Temaly Maslahatyna Gatnaşdy

Owganystanda täze syýasy we geosyýasy hakatyň ýüze çykandygyny, ýurtda durnuklylygyň gysga möhletde ýola goýulmagynyň diňe bir sebitleýin däl, eýsem halkara derejesinde möhüm ähmiýete eýedigini beýan eden Erdogan; “Talibany giň gerimli hökümet gurmaga gönükdireliň” diýdi.

“Halkara jemgyýetçiliginiň owgan halkyndan ýüz öwürmek, ony ykbalyna terk etme haky ýok” diýen Erdogan, ýurtdan günsaýyn agyrlaşýan gumanitar şertler sebäpli owgan halkyna güýçli goldaw berilmelidigini nygtady.

Erdogan Türk gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň soňky gezek 33 tonna azyk kömegini berendigini ýatladyp; “Şeýle agyr günlerde owgan halkyna doganlyk burjumyzy berjaý etmäge dowam ederis” diýdi.

Owganystandaky wakalaryň göç howpuny artdyrandygyna ünsi çeken Prezident Erdogan; “Türkiýe Owganystan sebäpli täze bir göç tolkunyny kabul edip bilmez. G20-niň çaginde işjeň toparyň döredilmegini teklip edýärin. Türkiýe şol toparyň başlyklygyny hem ýerine ýetirer” diýdi.



Degişli Habarlar