“Ýefrat Galkany” Operasiýasy Zolagyndan Şehit Habary Geldi

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, raketa hüjüminde şehitleriň sanynyň 2-ä ýetendigini mälim etdi.

1717506
“Ýefrat Galkany” Operasiýasy Zolagyndan Şehit Habary Geldi

Siriýada “Ýefrat Galkany” operasiýasy zolagynda,  ekstremist terror guramasy PKK/PÝD-a agza terrorçylar tarapyndan guralan raketa hüjüminde 2 polis şehit boldy.

Içeri işler ministrliginden berlen beýannamada, hüjümiň operasiýa zolagynda Azez bilen Mareniň arasynda guralandygy nygtaldy.

Mesele hakynda berlen ilkinji beýannamada hüjümde 1 polis gullukçysynyň şehit bolandygy, 1-i agyr 3 polisiň hem ýaralanandygy aýdylypdy.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu mesele hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda, ýaralanan polisiň halas edilip bilinmändigini we raketa hüjüminde şehitleriň sanynyň 2-ä ýetendigini mälim etdi.



Degişli Habarlar