Terrora Garşy Göreşde Egilşik Etmeris

Prezident Erdogan, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi.

1718048
Terrora Garşy Göreşde Egilşik Etmeris

Prezident R. T. Erdogan, paýtagt Ankarada geçirlen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi.

Prezident Erdogan “Ýefrat Galkany” operasiýasy zolagynda polislerimize garşy guralan soňky hüjüme we territoriýamyzy nyşana alýan aksiýalara degişli gaýtawul berler. Siriýadan ýurdumyza guralýan terrorçylykly hüjümler meselesimde egilşik etmeris. Siriýadan abanýan howplary ýa şol ýerlerdäki täsirli güýçlen bilen birlikde ýada öz mümkinçiliklerimiz bilen ortadan aýyrmakda tutanýerlidiris” diýdi.

Prezident Erdogan beýannamasynda, şu ýyl geçirlen söhbetdeşlikler netijesinde 153 terrorçynyň boýun egendigini ýatlatdy.

Prezident R. T. Erdogan, beýannamasynda Türkiýäniň maýa goýum, önümçilik, eksport we iş mümkinçiligi taýdan ösdürilmegi üçin tagalla etjekdigini belledi.

Prezident Erdogan, Daşky gurşaw we şäher gurluşygy ministrliginiň adynyň daşky gurşaw, şäher gurluşygy we klimat çalşygy ministrligi hökmünde üýtgedilendigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar