Hulusi Akar Gresiýa: "Türkiýä garşy artykmaçlyk gazanyp bilmersiňiz" diýip ýüzlenme berdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Gresiýanyň soňky wagtlarda artdyran ýaraglanma tagallalary bilen Türkiýä garşy artykmaçlyk gazanyp bilmejekdigini belläp, Gresiýany şol tagallalaryndan ýüze öwürmäge çagyrdy

1716793
Hulusi Akar Gresiýa: "Türkiýä garşy artykmaçlyk gazanyp bilmersiňiz" diýip ýüzlenme berdi

Stambul şäherindäki Milli Goranmak uniwersitediniň Harby-deňiz mekdebiniň 2021-2022-nji okuw ýyly dabara bilen açyldy. 

Dabarada çykyş eden Hulusi Akar, çykyşynda Egeý, Gündogar Ortaýer deňizi we Kiprde Gresiýa bilen başdan geçirilýän meseleleriň üstünde durup geçdi. 

Hulusi Akar, Gresiýa bilen meseleleri halkara hukugyň çäginde, gowy goňşuçylyk gatnaşyklarynyň düzüminde dialog arkaly çözgütler tapylyp, çözülmegini isleýändiklerini habar berdi. 

Gresiýadaky hem syýasy hem-de harby liderleri akyla, logika we wakalara sagdyn pikirlilik bilen garamaga çagyrýandyklaryny aýdan Hulusi Akar, käbir harbylaryň, syýasatçylaryň we akademikleriň bulary görýändigini, Türkiýäniň öňe sürýänleriniň dogrudygyny aýdýandyklaryny beýan etdi. 

"Gresiýa we Kipriň Grek bölegi harby türgenleşikleri, işleri bilen käbir zatlary gazanyp biljekdiklerini pikir edýärler" diýen Hulusi Akar: "Gresiýada esasan hem soňky döwürlerde käbir ýurtlaryň höweslendirmegi we öjükdirmegi bilen käbir ylalaşyklaryň baglaşylmagy bilen ýaraglanmak tapgyry başlady. Ilki bilen matematika, ilki bilen taryha ser salyň. Bular ýaly başlangyçlar bilen Türkiýä garşy artykmaçlyk gazanyp bilmersiňiz, şol tagallalaryňyzdan ýüz öwüriň" diýip belledi. 


Etiketkalar: #Gresiýa , #Hulusi Akar

Degişli Habarlar