Çawuşogly Ukrainada Opilliýa Muzeýine Baryp Gördi
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ukrainada Opilliýa muzeýine baryp gördi
Çawuşogly Türkiýe-Ukraina bilelikdäki strategik meýilleşdiriş toparynyň 9-njy maslahatyna gatnaşmak üçin Ukraina guraýan saparynyň dowamynda 1-nji Jahan urşunda Galisiýa frontunda şehit bolan türk esgerleriniň jaýlanan Lopuşnýa we Rohatindäki türk şehitlerinden soň Opilliýa muzeýine baryp gördi. Çawuşogluna saparynyň dowamynda Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba ýoldaşlyk etdi.
Çawuşogly we Kuleba muzeý hakynda maglumat alandan soň sowgat alyp-berdiler. Çawuşogly ol ýerde sözlän sözünde: “Resmi maslahatlarymyzdan soň baryp gören ýerlerimiz ählimizi duýgulandyrdy. Şehitlerimizi zyýarat etdik, doga okadyk. İki ýurduň halklarynyň arasynda hakyky dostluk bar. Şu gün zyýarat eden şehitliklerimiz we baryp gören muzeýimiz dostlugymyzyn hem-de arkalaşygymyzyň irki döwürlerden gözbaş alýandygyny görkezýär. Geçmişimizden, ata-babalarymyzdan we taryhymyzdan güýç alyp, gelejege bilelikde gadam basarys” diýdi.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan, Gollandiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Wahdettin köşgünde bolan kabul edilşik metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
TRT Ispan digital habar platformasy dabaraly ýagdaýda açyldy.